Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хүшгәр ве оя болуң. Душманыңыз иблис арлайҗы арслан ялы айланып, авуны агтарып йөрендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:8
61 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.


Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.


Oňa emeldarlarynyň üstünden ygtyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip, Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.


Reb milletlere höküm çykarar, olaryň ýurduny läşlerinden doldurar. Ol tutuş ýeriň ýüzünde baştutanlary kül-peýekun eder.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.


Meni aklajak ýakynymdadyr, meniň bilen dawalaşjak kim? Geliň, ýüzleşeliň. Günäkärleýjim kim meniň? Goý, ýanyma gelsin!


Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady.


Babyl halky arslan deý arlar, arslan çagasy kimin hyňranar.


Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.


Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme? Hiç zat awlamadyk arslan süreninde hyrlarmy näme?


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň; olaryň şöhraty öçdi. Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň; Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.


Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.


Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.


Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.


Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


eýsem myhmansöýer, ýagşylyk etmäge höwesjeň, parasatly, adalatly, takwa, nebsine buýrup bilýän bolmalydyr.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.


Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler.


Ýaş ýigitlere hem özlerine erk etmegi ünde.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


Şoňa görä, eý, gök we onda ýaşaýanlar, heşelle kakyň! Eý, ýer we deňiz, siziň bolsa halyňyza waý! Çünki iblis ýanyňyza indi, ol wagtynyň azalandygyny bilensoň, gazap atyna mündi».


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ