Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Худай сизи вагты геленде бейгелдер ялы, Онуң гудратлы голы астында өзүңизи пес тутуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:6
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy.


Diňe aşerlerden, günbatardaky manaşalardan we zebulunlardan käbirleri özlerini kiçeldip, Iýerusalime geldiler.


Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.


Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.


Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.


Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi.


Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.


Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?


Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, aňňat ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler we aman galanlary çar tarapa dargadylar. Onsoň siz muny Men-Rebbiň aýdandygymy bilersiňiz».


«Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök.


Emma sen, onuň ogly Belşasar, bularyň baryny bilip durkaňam ýüregiňi pespäl tutmadyň!


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».


Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».


Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


ony Hoş Habar arkaly Öz bellän wagtynda aýan etdi. Halasgärimiz Hudaý bu Hoş Habaryny wagyz etmegi maňa tabşyrdy.


Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ