Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эй, яшлар, сиз хем яшулулара табын болуң. Хеммәңиз бири-бириңиз билен песпәл болуң, себәби «Худай текепбирлере гаршыдыр, эмма песпәл адамлара мерхемет эдйәндир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:5
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Hudaýymyz Reb! Galk-da, güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen Öz dynçlyk mekanyňa gir. Ýa Hudaýymyz Reb! Goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin, sadyklaryň eşretleriňe guwansyn!


Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.


Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, ol meni örtdi; adalatym bolsa don we selle kimindi.


Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.


Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny


Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, pespäl adamlara rehim edýändir.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly,


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Emma dirileriň hem, ölüleriň hem üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa olar hasabat bererler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ