Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Mesihe degişli bolan siziň hemmäňize parahatlyk ýar bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бири-бириңизи мәхирли огшап саламлашың. Месихе дегишли болан сизиң хеммәңизе парахатлык яр болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Isa Mesihe degişli bolan ýygnaklaryň bary size salam iberýär.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň.


Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Hudaýyň bärdäki halky size köp salam aýdýar.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesihden doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin.


Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ