Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.
Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.
Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.
Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.