Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бу гысга хатымы сизе садык доганым Силван аркалы яздым. Мунуң билен сизи рухландырып, Худайың хакыкы мерхеметине шаятлык этдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmekçi bolamzok, tersine, şatlygyňyzyň hatyrasyna siz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.


Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.


Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Rebbiň sadyk hyzmatkäri bolan söýgüli işdeşimiz hem doganymyz Tihik men hakda size ähli zady habar berer.


Onuň bilen bile ýanyňyza öz şäheriňizden bolan, sadyk we söýgüli doganymyz Onesim-de barar. Olar size bu ýerde bolup geçýän ähli wakalary gürrüň bererler.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ