Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Әхли затларың соңы якын гелди. Мунуң үчин сагдын дүшүнҗели болуп, хүшгәрлик билен дилег эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 4:7
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.


Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär!


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.


Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.


Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.


Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ