Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Indi bolsa şol öňki butparazlyk edýänler siziň özleri bilen bile azgyn zynahorlyga goşulmaýandygyňyza geň galyp, size sögýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Инди болса шол өңки бутпаразлык эдйәнлер сизиң өзлери билен биле азгын зынахорлыга гошулмаяндыгыңыза гең галып, сизе сөгйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 4:4
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr.


Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


Ine: «It öz gusugyna dolanyp geler», şeýle hem: «Ýuwnan doňuz ýene batga bulaşmaga geler» diýen nakyllaryň hakykatdygyny olar öz durmuşynda subut etdiler.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ