Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эй, әрлер, эдил шунуң ялы, сизем өз аялыңыза хормат гоюң, онуң билен өзара дүшүнишип яшаң. Сиз оларың өзүңизден эҗиздигини билйәнсиңиз, эмма олар хем сизиң билен Худайың берен яшайшыны дең мирас аландырлар. Дога-дилеглериңизиң бөкделмезлиги үчин шейле эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer.


Är öz aýaly babatda, aýaly-da öz äri babatda är-aýallyk borçlaryny berjaý etmelidirler.


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň.


her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin,


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ