Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Терсине, калбыңыздакы юваш хем юмшак рух сизиң солмаян ички гөзеллигиңиз болсун. Бу Худайың назарында хас гымматлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:4
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:


Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?


Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.


Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.


Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Eý, kör fariseý! Sen ilki bilen käsedir gap-çanagyň içini arassala, şonda olaryň daşy-da arassa bolar.


Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.


Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy?


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.


Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir.


ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.


Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.


Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.


Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.


Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.


Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ