Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Siziň gözelligiňiz örülen saçlar, dakylan altynlar, owadan eşikler ýaly daşky görnüşden ybarat bolmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сизиң гөзеллигиңиз өрүлен сачлар, дакылан алтынлар, овадан эшиклер ялы дашкы гөрнүшден ыбарат болмасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi.


Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim.


Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi.


Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşary seredip durdy.


Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.


Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.


Her bir ysraýyl aýaly müsürli goňşusyndan we öz öýünde ýaşaýan müsürli aýaldan altyn-kümüş şaý-sepler we geýim-gejimler sorap alarlar. Siz olary ogul-gyzlaryňyza dakarsyňyz we olary geýindirersiňiz. Siz müsürlileriň baýlyklaryny talap gaýdarsyňyz».


Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi.


Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady.


Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler.


Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.


Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar.


Hatda, siz, iki uýa! Uzaklardan adamlar geler ýaly çaparlar ýolladyňyz, olar geldiler. Olar üçin siz ýuwundyňyz, gözleriňize sürme çekdiňiz, şaý-sepler bilen bezenip,


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ