Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:21 - Mukaddes Kitap

21 Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ине, бу сув хәзирки сизи халас эдйән чүмдүрилишиң нышаныдыр. Сиз сува чүмдүрилениңизде бедениңизиң кири ювландыгы үчин дәл-де, Иса Месихиң дирелмеги аркалы пәк выждан билен Худая тарап өврүлендигиңиз үчин халас эдилдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:21
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.


Simun Petrus Oňa: «Agam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi.


Şol gijäniň özünde baş gözegçi olary bir çete çykaryp, ýaralaryny ýuwdy. Soňra dessine ol öý-içersindäkiler bilen bile suwa çümdürildi.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.


Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.


Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi. Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.


Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy.


Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ