Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:20 - Mukaddes Kitap

20 Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Бу рухлар гадым заманда Нухуң гәмиси ясалып йөркә, Худай хениз сабыр-такатлык эдип гарашярка, Оңа табын болмадылар. Шол гәмиде болса аз адам, җеми секиз адам сув аркалы халас болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:20
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.


Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler.


Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.


Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Sebäbi imanyňyzyň maksadyna ýetip, janyňyzyň halas bolmagyny gazanýarsyňyz.


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.


Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ