Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.
Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.
Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.
Şonuň üçin hem Hoş Habar hatda ölülere-de wagyz edildi. Olar hem ähli ynsanlar ýaly durmuşynda eden işleri üçin höküm edilen bolsalar-da, Hudaýyň Ruhy arkaly ýaşap bilerler.
Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».