Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Муны мылайымлык ве эдеплилик билен берҗай эдиң. Выжданыңызы арасса саклаң, шонда сизиң Месихе дегишли догры яшайшыңыз барада гыбат эденлер сизи яманлап айдан геплеринден утанарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:16
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.


Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr.


Eger kim nähak ýere ejir çekip, Hudaýy tanaýandygy üçin bu görgülere çydaýan bolsa, ol adam Hudaýy hoşnut eder.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Indi bolsa şol öňki butparazlyk edýänler siziň özleri bilen bile azgyn zynahorlyga goşulmaýandygyňyza geň galyp, size sögýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ