Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сиз догрулык үчин гөрги гөрсеңиз хем багтыярсыңыз. Адамларың сизе салян ховпундан горкмаң, довла дүшмәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:14
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duýdansyz gelýän howpdan, erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň. Meni ýada sal, ýardam et maňa. Meni yzarlanlardan arymy alaýyn. Olara sabyr-takatly bolma, meni öldürmeklerine ýol berme. Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin çydaýandygymy bilgin.


Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.


Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.


Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.


Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.


Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam,


Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.


Isa ýene söze başlady: «Ýüregiňiz gussa batmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


Mysal üçin, Sara Ybraýyma tabyn bolup, ony hojaýynym diýip atlandyrdy. Eger siz hem ýagşylyk edip, hiç bir howpdan gorkmasaňyz, Saranyň gyzlary bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ