Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:11 - Mukaddes Kitap

11 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, yzyndan galma.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 яманлыкдан айрыл, эт сен ягшылык, парахатлык агтар, ызындан галма.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:11
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Ýagşyň çöli gülzarlyga öwrüşi kimin, ýa Reb, gaýtar bize öňki abadanlygy.


Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym, ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp, matam tutardym.


Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.


Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady.


Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin.


Oňardygyňyzdan hemmeler bilen parahat ýaşajak boluň.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Men isleýän oňat işlerimi etmän, tersine, ýigrenýän erbet işlerimi edýärin.


Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler adamy ölüme eltýär. Mukaddes Ruhdan döreýän pikirler bolsa ýaşaýyş we parahatlyk berýär.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.


Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


Ýeftah Ammon patyşasynyň ýanyna täzeden ilçiler iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ