Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 3:1 - Mukaddes Kitap

1-2 Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1-2 Эдил шунуң ялы, эй, аяллар, сиз хем өз әриңизе табын болуң. Эгер әриңиз Худайың сөзүне ынанмаян болса, ол аялының ар-намыслы, Худайдан горкуп яшаян пәк дурмушыны гөрүп, хич бир айдып-диймезден имана гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 3:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň, emma ol höküm sürer seniň üstüňden».


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.


Eger doganyň günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr.


Ýöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Mysal üçin, ärli aýaly alyp göreliň. Ol äri dirikä, bu Kanun boýunça oňa baglydyr. Emma äri ölse, ol nika kanunyndan azatdyr.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr.


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Eý, aýallar, äriňize tabyn boluň, çünki şeýle etmek Rebbe degişli adamlara ýaraşýandyr.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ