Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эмма сиз бейле дәлсиңиз, чүнки сиз сайланып-сечилен халксыңыз. Сиз патышаның руханылары, мукаддес миллет, Худая дегишли халксыңыз. Худай сизи гараңкылыкдан Өзүниң аҗайып нуруна чагырды. Сиз Онуң шан-шөхратыны ыглан этмек үчин сайланып-сечиленсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:9
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.


Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.


Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.


Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň, haýbatly derýalary gus-gury etdiň.


Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


«Emma indi, eý, bendäm Ýakup, saýlan Ysraýylym, gulak goý!


Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».


Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.


Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.


Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys.


Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz.


Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ