Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хава, иман эден сизиң үчин бу даш гымматлыдыр. Эмма иман этмедиклер үчин, «Уссаларың рет эден дашы, бинаның бурч дашы болды».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:7
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün halkynyň aman galanlaryna şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb.


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme?


Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.


Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ