Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сиз ынсанлар тарапындан рет эдилен, эмма Худайың назарында сайланан ве гымматлы сайылан дири Даша, ягны Иса Месихе якынлашярсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:4
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.


Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»


Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi.


Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez.


Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ