Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Ол сөгүленде сөгмеди, эҗир чекенде хич киме ховп салмады. Муңа дерек Өзүни адыл хөкүм чыкарян Худая табшырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:23
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela


Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.


Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.


Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.


Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.


Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi.


Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber.


Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.


Hudaýyň adalaty şu görýän görgüleriňiz arkaly aýan bolar: siz Hudaýyň Şalygyna mynasyp saýylarsyňyz, sebäbi siz şonuň ugrunda görgi görýäňiz ahyryn.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ