Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Eger kim nähak ýere ejir çekip, Hudaýy tanaýandygy üçin bu görgülere çydaýan bolsa, ol adam Hudaýy hoşnut eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эгер ким нәхак ере эҗир чекип, Худайы танаяндыгы үчин бу гөргүлере чыдаян болса, ол адам Худайы хошнут эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bilýän men siziň pikirleriňizi, garşyma edýän dildüwşükleriňizi.


Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.


Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn.


Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Şoňa görä, diňe jeza duçar bolmak gorkusyndan däl, eýsem ynsabyňyzy päk saklamak üçin häkimiýete tabyn bolmalydyr.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy.


Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar.


Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, başga bir jenaýatçy, ýa şugulçy bolup ejir çekmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ