Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Хеммелере хормат гоюң. Иманлы доганларыңызы сөйүң, Худайдан горкуң, патышаны сылаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.


Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.


Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.


Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla.


Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bütewülik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Hudaýyň adyna we öwredýän taglymatymyza dil ýetmez ýaly, gulçulyk boýuntyrygy astyndakylaryň bary öz hojaýynlaryny hormata mynasyp saýsyn.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň!


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Siz her bir ynsan häkimiýetine Rebbiň haky üçin tabyn boluň. Ýurduň başy bolan patyşa bolsun


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ