Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Себәби Худайың ислеги сизиң ягшылык эдип, акылсыз наданларың агзыны юмдурмагыңыздыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 2:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, adalatsyzlyk agzyny ýumýar.


Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken.


Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Eger Hudaýyň yradasy bilen ejir çekmeli bolsa, ýamanlyk edip ejir çekmekden ýagşylyk edip ejir çekmek has gowudyr.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ