Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Сиз Месихи гөрмедик болсаңыз хем, Оны сөййәрсиңиз. Хатда Оны гөрмесеңиз-де, Оңа иман эдйәрсиңиз ве сөз билен тарыплап болмаҗак бейик шатлыкдан долуп-дашярсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 1:8
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Ýaryň beýlekilerden nämesi artyk, eý, gözeller gözeli? bize ant içeriň ýaly, ýaryňyň beýlekilerden nämesi artyk?


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin».


Meni söýmeýän Meniň sözümi berjaý edýän däldir. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr.


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.


garaz, jennede äkidilýär. Ol ýerde söz bilen beýan edip bolmajak ajaýyp zatlary, ynsana aýtmaga rugsat edilmedik zatlary eşidýär.


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Men şu babatda ynamym bolany üçin, diri galjakdygymy bilýärin. Hawa, imanda we onuň berýän şatlygynda ösüp bileriňiz ýaly, men ýene-de siziň araňyzda galaryn.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr.


Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.


Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,


Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ