Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реббимиз Иса Месихиң Атасы Худая өвгүлер болсун! Ол Өз бейик мерхеметине гөрә, Иса Месихиң өлүмден дирелмеги аркалы бизи тәзе дурмуша ве яшайыш умыдына говшурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 1:3
56 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky Ysraýyly alkyşladylar.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.


Biz halas edilenimiz üçin, indi bu umydymyz bardyr. Ýöne göze görnüp duran umyt asla umyt däldir. Görüp duran zadyna umyt baglaýan barmy näme?


Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.


Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.


Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun!


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Öňki wagtlarda Hudaýa umyt baglap, ýüreklerini päk saklan aýallar hem özlerini şeýle bezeýärdiler, olar ärine tabyndylar.


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr, şeýtan olara el gatmaz.


Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ