Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шонда бу хабарың пыгамберлер үчин дәл-де, сизиң үчиндиги аян болды. Хәзирки вагтда болса гөкден берлен Хош Хабар сизе Мукаддес Рухуң гудраты билен вагыз эдилйәр. Бу затлара хатда перишделер-де дүшүнмәге чалышдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 1:12
56 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.


Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!


Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.


Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.


Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi,


Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesihiň hut Özi aýan etdi.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.


emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen habar, ine, şudur.


Şonuň üçin hem Hoş Habar hatda ölülere-de wagyz edildi. Olar hem ähli ynsanlar ýaly durmuşynda eden işleri üçin höküm edilen bolsalar-da, Hudaýyň Ruhy arkaly ýaşap bilerler.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ