Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Оларың калбындакы Месихиң Рухы Онуң чекмели эҗирлери ве эҗирлерден соңкы шан-шөхраты барада овалдан әшгәр этди. Олар буларың нәхили ве нәвагт болҗакдыгы барада Мукаддес Рухуң нәме гөркезйәндигини аңламага чалышдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 1:11
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Olar Misýa serhedine gelip, Bitiniýa welaýatyna girmekçi boldular. Emma Isa Mukaddes Ruh arkaly olara rugsat bermedi.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ