Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иса Месихиң ресулы мен Петрусдан Худайың сайланларына, ягны Понтус, Галатя, Каппадокия, Азия ве Битиния велаятларында дагынык ве гелмишек болуп яшаянлара догайы салам!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 1:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Eý, şa gyzy, diňle, oýlan hem-de gulak goý, sen öz halkyňy, ataň öýüni unut.


Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.


Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.


Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler.


Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler.


Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ