Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Онсоң әхли халклар: „Чүнки ысрайыл халкы ата-бабаларыны Мүсүр юрдундан чыкаран өзлериниң Худайы Ребден йүз дөндерип, башга худайлара тарап өврүлип, олара сежде этдилер, олара хызмат этдилер. Шонуң үчин хем Реб бу бетбагтчылыгы оларың башындан индерди“ диерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 9:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.


Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“.


Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi.


Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olaryň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler».


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Köp milletler bu şäheriň ýanyndan geçende, biri-birine: ‘Bu beýik şäheri Reb näme üçin beýtdikä?’ diýerler.


Siz tütetgi ýakdyňyz, Rebbe garşy günä etdiňiz, Rebbe gulak asmadyňyz, Onuň kanunlaryny, parzlaryny we permanlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçinem, ine, başyňyzdan bu günki bela-beterler indi».


«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ