Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 9:4 - Mukaddes Kitap

4-5 Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4-5 Эгер-де сен какаңың йөрейши ялы сап йүреклилик, догрулык билен Мениң ёлумдан йөрәп, табшыран әхли затларымы эдип, Мениң хөкүмлеримдир дүзгүнлерими берҗай этсең, „Сениң неслиңден Ысрайыла хөкүм сүрҗек адам кемлик этмез“ дийип, какаң Давуда вада бершим ялы, Ысрайылың үстүнден патышалыгыңы беркарар эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 9:4
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.


Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.


Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.


Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».


Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.


«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –


Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym, maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».


Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?


Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym sebäpli meni düz ýodadan alyp git.


Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.


Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!


Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.


Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli milletlerden beýgelder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ