Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб Сүлеймана шейле дийди: «Мен сениң эден дилегиңи, ялбарышыңы эшитдим. Сениң гуран бу өйүңи мукаддес этдим. Маңа ол ерде эбедилик ыбадат эдилер. Мениң назарым ве йүрегим хемише шол ерде болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 9:3
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.


«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.


Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»


Rebbe şöhratlandyryň, ähli milletler! Ony beýgeldiň siz, eý, ähli halklar!


Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek? Olaryň süteminden halas et meniň janymy, arslanlardan halas et ýeke-tägimi.


Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar.


Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.


Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün:


Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden daş bolsa, meniň buýruşym ýaly, Rebbiň size beren mal-garalarydyr dowarlaryndan soýuň. Siz olary galalaryňyzda islän wagtyňyz iýip bilersiňiz.


Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ