Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.
Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.
Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi.