Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 9:1 - Mukaddes Kitap

1-2 Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1-2 Сүлейман Реббиң өйүни, өз көшгүни хем-де гурмага мейил эден затларының барыны гуруп гутаранда, Реб Гибгонда гөрнүши ялы, Сүлеймана икиленч гөрүнди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 9:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.


Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy.


Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.


Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy.


Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, we ähli enjamlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.


Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.


Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi.


Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.


Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň, öz köşgüniň gurluşygyny tamamlap, Rebbiň öýünde we öz köşgünde etmegi ýüregine düwen ähli işlerini üstünlik bilen amala aşyrdy.


Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.


Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy.


Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy.


Beýik işler etdim: jaýlar gurdum, üzüm agaçlaryny ekdim,


Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ