Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:9 - Mukaddes Kitap

9 Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Сандыгың ичинде Мусаның гоян ики саны канун язылан даш бөлегинден башга хич зат ёкды; Муса бу ики даш бөлегини ысрайыл халкы Мүсүр юрдундан чыкандан соң, Реббиң олар билен әхт эден ери болан Хореп дагында сандыга салыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:9
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».


Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Musa Haruna: «Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý» diýdi.


Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.


Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.


Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy.


Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.


«Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.


Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy.


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ