Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Соңра руханылар Реббиң Әхт сандыгыны өз ерине, Реббиң өйүниң иң мукаддес отагына, керупларың ганатларының астына гетирип гойдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.


Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.


Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy.


Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady.


Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy.


Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler.


Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler.


Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi.


Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni guruň».


Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.


Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.


Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ