Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:44 - Mukaddes Kitap

44 Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanyna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Sen-Rebbe dileg etse,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Эгер халкың Сениң иберен ёлуң билен душманына гаршы сөвеше чыкып, Сениң сайлан шәхериңе, мениң Саңа ыбадат үчин гуран өйүме тарап бакып, Сен-Реббе дилег этсе,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:44
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.


gökde olaryň dileglerini, ýalbaryşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.


Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb onuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy.


Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi:


Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.


Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanlaryna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Saňa dileg etse,


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.


Reb Gidegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi.


Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ