Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:34 - Mukaddes Kitap

34 şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 шонда Сен гөкде эшит-де, халкың Ысрайылың гүнәсини гечип, олары ызларына, аталарына берен юрдуңа гетир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:34
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.


Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


Seniň halkyň Ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa,


Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler,


Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler.


„Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen milletleriniň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz


Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.


Ine, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ