Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:32 - Mukaddes Kitap

32 şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 шонда Сен гөкде эшит-де, оңа җогап бер. Гулларыңа хөкүм эдип, гүнәлә гүнәсине гөрә җеза бер, гүнәсизи акла-да, догрулыгына гөрә сыла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:32
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.


Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.


Erbedi aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de Reb ýigrenýändir.


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.


Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.


Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer.


Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ