Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:30 - Mukaddes Kitap

30 Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Өз ысрайыл халкың ве мен гулуң шу ере тарап бакып дилег эденимизде, гулуңың, халкың Ысрайылың ялбарышларыны эшит. Өз гөкдәки месгениңден эшит-де, бизи багышла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:30
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.


şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.


şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.


Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş.


«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! –


Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.


Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ