«Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi.
Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.
halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.
Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.)