Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:27 - Mukaddes Kitap

27 Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эмма Худай ерде месген тутармы? Сени хатда гөк-де, гөклериң гөги-де ичине сыгдырып билмейәр. Онсоң мениң бу салан өйүм дагы нәмеҗик!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:27
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,


Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


Älem-jahany we ondaky ähli zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Hökümdary bolup, Ol ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar.


Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.


Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!


Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ