Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:23 - Mukaddes Kitap

23 «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 «Эй, Ысрайыл Худайы Реб, ерде-де, гөкде-де Сениң ялы Худай ёкдур! Бүтин калплары билен ёлуңдан йөрейән гулларың үчин Сен әхтиңи, садык сөйгиңи саклаярсың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:23
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.


Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.


Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder.


Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.


Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.


Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?


Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende, biz nur görýäris Seniň nuruňda.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


«Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin, Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.


«Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ