Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:21 - Mukaddes Kitap

21 Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Сандыгы мен шол өйде гойдум. Аталарымызы Мүсүр топрагындан чыкаранда, Реббиң олар билен эден әхти шонуң ичиндедир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:21
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni guruň».


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.


«Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.


Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ