Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Онсоң Сүлейман Реббиң Әхт сандыгыны Давут галасы болан Сион галасындан гетиртмек үчин, Ысрайылың яшулуларыны, әхли тиребашыларыны, ысрайылларың уругбашыларыны Иерусалиме, өз хузурына йыгнады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 8:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy.


Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar.


Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.


Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar.


Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.


Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.


Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.


Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.


Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we günbatardaky manaşalara hem hatlar ýazdy.


Ysraýyllar öz galalarynda ýerleşenlerinden soň, ýedinji aýda ähli ilat Iýerusalime ýygnandy.


Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!


Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun.


Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.


Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.


Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ