Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 7:40 - Mukaddes Kitap

40-44 Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40-44 Хирам шейле хем газанлар, күл атарлар, легенлер ясады. Булардан башга-да, ол ики сүтүни, сүтүнлериң депесиндәки җам шекилли ики тәҗи, шол тәчлери безәп дуран ики саны өрме зынҗыры, шол зынҗырлара ики хатар эдип дакмак үчин дөрт йүз саны нары, он арабаны, арабаларың үстүндәки он легени, бир саны ховзы хем-де ховзуң астындакы он ики өкүзи ясады. Шейдип, Хирам Реббиң өйүнде Сүлейман патыша үчин этмели ишлериниң барыны тамамлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 7:40
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Arabalaryň şekili şunuň ýaly: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy.


Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.


Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.


Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.


Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.


Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi.


Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ