Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 7:26 - Mukaddes Kitap

26 Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum tutýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ховзуң галыңлыгы дөрт бармакды, эрңеги кәсәниң эрңеги ялы ачылан лилия гүлүниң шекилиндеди. Ол еди йүз хум тутярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 7:26
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi.


Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy.


Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy.


Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi.


Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy.


Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi.


Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy.


Howzuň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol bir müň elli hum tutýardy.


Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr.


Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy.


Agyrlyk daşy we ölçeg küýzesi birmeňzeş bolsun. Agyrlyk daşy batmanyň ondan birine, ölçeg küýzesi hem batmanyň ondan birine deň bolup, bularyň ölçegi bir bolsun; ikisiniň-de ölçegi resmi ölçege görä bolsun.


Resmi ölçege görä, ýag baradaky düzgün şudur: her kordan üç ýarym küýze ýag bersinler. Bir kor üç ýüz elli küýzä ýa-da on batmana deňdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ