Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хирам Нафталы тиресинден болан бир дул хатының оглуды, какасы хем сурлы бүрүнч уссасыды. Ол бүрүнчден зат ясамакда гаты уссат, өкде ве теҗрибели уссады. Ол Сүлейман патышаның чагырышыны кабул этди. Хирам Сүлейманың бүрүнчден ясалмалы затларының әхлисини ясады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 7:14
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramaby altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine ökdedir. Ol badam, gök, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr matalary bilen hem işläp bilýär. Şeýle-de ol oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ökdedir. Ol seniň ussalaryň we jenabym – kakaň Dawudyň ussalary bilen işlär.


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.


Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.


Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.


Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady.


Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi.


Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».


Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler


Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ