Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.
Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy.